ABŞ-da başlan protest ýörişleri 10 günden bäri güýçlenmek bilen dowam edýär

Hökümet protestçylara garşy berk çäre görjekdiklerininiň duýduryşyny berýär

1429143
ABŞ-da başlan protest ýörişleri 10 günden bäri güýçlenmek bilen dowam edýär

 

ABŞ-da Jorj Floýdyň 25-nji maýda Minnesota ştatynda polisiýa işgäri tarapyndan urlup öldürilmegi sebäpli başlan protest ýörişleri 10 günden bäri güýçlenmek bilen dowam edýär. Hökümet bolsa protestçylara garşy berk çäre görjekdiklerininiň duýduryşyny berýär.

Ak Tamyň metbugat geňeşçisi, Prezident Donald Trampyň zerur halatynda protestçylara garşy harby güýjüň ulanylmagyna rugsat berýän Pitne kanunynyň güýje girizilmegini isleýändigini aýtdy.

MakEnany, metbugata beren beýanatynda, konstitutsiýanyň, şahyslaryň söz azatlygy baradaky 1-nji goşmaça maddasyna ünsi çekip “1-nji goşmaça madda görä, hiç kimiň talaňçylyk etmek, binalary ýykmak, oda bermek, raýatlary we polisiýa işgärlerini biynjalyk etmak ýaly hukugy ýok, bu madda laýyklykda ynsanlaryň diňe parahatçylyk maksatly ýöriş geçirmek hukugy bar” diýdi.

Goranmak ministri Mark Esperiň protest ýörişleri sebäpli paýtagt Waşintonyň golaýyna 1600 esgeriň ornaşdyrylmaga barada görkezme berendigi nygtalýar.

Beýleki tarapdan Jorj Floýdyň ýogalmagyna sebäp bolan polisiýa işgäri Şowin hakynda gozgalan kaziýet işiniň 8-nji iýunda Minnesota ştatynda başlajakdygy habar berildi.

Minnesota ştatynda 25-nji maýda başdan geçirlen wakada, garaýagyz Jorj Floýd göz astyna alynýarka “dem alyp bilmeýärin” diýip ýalwarandygyna garamazdan, polisiýa işgäriniň dyzy bilen boýnuna basmagy sebäpli ýogalypdy.

Waka, şol günden bäri ABŞ-nyň çar tarapynda protest ýörişleriniň geçirilmegine sebäp boldy.



Degişli Habarlar