Londonda Jorj Floýd üçin arkalaşyk ýörişi geçirildi

Protestçylar ABŞ-na we iňlis hökümetine garşy şygarlar aýtdy

1426925
Londonda Jorj Floýd üçin arkalaşyk ýörişi geçirildi

Britaniýanyň paýtagty Londonda müňlerçe protestçy, ABŞ-nyň Minnesota ştatynda polisiýa işgäri tarapyndan öldürlen Jorj Floýd üçin arkalaşyk ýörişini geçirdi.

Trafalgar meýdanynda günorta wagty bir ýere jemlenşen  we ABŞ-nyň ilçihanasyna çenli ýörän protestçylar ABŞ-na we iňlis hökümetine garşy şygarlar aýtdy.

Ilçihananyň öňünde berk howpsyzlyk çärelerini gören iňlis howpsyzlyk güýçleri bilen protestçylaryň arasynda başdan geçirlen wakalarda 11 protestçy saklandy.

Howpsyzlyk güýçleriniň çekilmegi bilen dartgynlyk azaldy we protestçylar Premýer ministrligiň ýerleşýän ýeri bolan Downing Streete çenli ýöredi we ýörişlerini şol ýerde dowam etdirdi.

 



Degişli Habarlar