ÝB, Siriýa goýan çäklendirmeleriniň möhledini uzatdy

ÝB Siriýada halka zulum edilmeginde uly rol oýnaýan 273 adama sanksiýa goýdy

1425928
ÝB, Siriýa goýan çäklendirmeleriniň möhledini uzatdy

 

ÝB Geňeşi, Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň we tarapdarlarynyň asuda ilata garşy guraýan hüjümlerini dowam etdirýändigi sebäpli Siriýa goýlan çäklendirmeleriň möhlediniň 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli uzadylmagy hakynda karar kabul etdi.

ÝB-niň Siriýada halka zulum edilmeginde uly rol oýnaýan 273 adamyň sanksiýa sanawyna alynandygyny mälim etdi.

ÝB-ne agza ýurtlara syýahat etmekleri gadagan edilen şol adamlaryň Ýewropa ýurtlaryndaky emlaklary bilen saklandy.

ÝB Siriýada 70 gurama hem sanksiýa goýupdy, şol guramalaryň hatarynda Siriýanyň merkezi banky hem bar.

 


Etiketkalar: #Siriýa , #sanksiýa , #ÝB

Degişli Habarlar