Omanyň Soltany Kataryň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

Omanyň Daşary işler ministri Ýusuf Bin Alewi hem, birnäçe gün ozal Kuweýtden soň Katarda saparda bolupdy

1421354
Omanyň Soltany Kataryň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirdi

Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşyk geçirip, sebitleýin we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Omanyň resmi ONA habarlar agentligi tarapyndan berilen habara görä, Kataryň Daşary işler ministri Muhammed bin Abdurrahman Al Sani, Omanyň Soltany Heýsem bin Taryk tarapyndan ýurdyň paýtagty Muskat şäherinde kabul edildi. 

Duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen sebitleýin meseleler maslahatlaşyldy. 

Omanyň Daşary işler ministri Ýusuf Bin Alewi hem, birnäçe gün ozal Kuweýtden soň Katarda saparda bolupdy. 


Etiketkalar: #Katar , #Oman

Degişli Habarlar