ÝP 2 trillion ýewrolyk halas ediş bukjasynyň taýarlanmagy üçin çagyryş berdi

ÝB-ne agza 27 ýurduň Kovid-10-yň ykdysadyýetine ýetirýän oňaýsyz netijelerine garşy 2 trillion ýewrolyk halas ediş bukjasy taýarlanmaly

1418285
ÝP 2 trillion ýewrolyk halas ediş bukjasynyň taýarlanmagy üçin çagyryş berdi

Ýewropa Parlamenti, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz netijelerine garşy 2 trillion ýewrolyk halas ediş bukjasynyň taýarlanmagy üçin çagyryş berdi.

Ýewropa Parlamentiniň Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen Baş Assambleýasynda, ÝB-niň geljekdäki bujeti we koronawirus epidemiýasynyň ykdysadyýete ýetirýän oňaýsyz netijelerine garşy halas ediş bukjasynyň taýarlanmagy baradaky karar 505 ses bilen kabul edildi.

Kararda, ÝB-ne agza 27 ýurduň epidemiýanyň ykdysadyýetine ýetirýän oňaýsyz netijelerine garşy göreşmek üçin 2 trillion ýewrolyk halas ediş bukjasynyň taýarlanmalydygy nygtaldy.

Kanuny güýji bolmadyk we maslahat beriji häsiýetindäki karar, Ýewropa Parlamentiniň we agza ýurtlaryň ÝB Geňeşindäki sesleriniň köplügi bilen kesgitlenýär.

 



Degişli Habarlar