Koronawirusa ýoluganlaryň sany 4 million 643 müň 100 adamdan geçdi

Kovid-19 sebäpli Russiýada 2 müň 537 adam ýogaldy

1418519
Koronawirusa ýoluganlaryň sany 4 million 643 müň 100 adamdan geçdi

 

Dünýäde täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 308 müň 900, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 643 müň 100, wirusy ýeňenleriň sany 1 million 768 müň 500 adamdan geçdi.

Hytaýda Kovid-19 sebäpli 4 müň 633 adam ýogaldy, 82 müň 933 adam hasaba alyndy.

Ýaponiýada epidemiýa sebäpli 742 adam ýogaldy, 17 müň adam hem hasaba alyndy. Paýtagt Tokionyň gubernatory Koike Ýuriko, epidemiýanyň gözegçilik astyna alynyp, sosial-ykdysady taýdan durmuşyň kadalaşmagy üçin paýtagtda hasaba alynanlaryň sanynyň 20 adamdan has az bolmalydygyny aýtdy.

Eýranda koronawirus sebäpli 6 müň 937 adam ýogaldy. Prezident Hasan Ruhani, Kovid-19a garşy göreşiň çäginde goýlan çäklendirmeleriň Oraza baýramyndan soň bes ediljekdigini aýtdy. Ruhani, ýurtda wirus howpynyň dowam edýändigini emma ýagdaýyň gün saýyn kadalaşýandygyny belledi.

Epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany Saud Arabystanynda 292, hasaba alynanlaryň sany 49 müň 176 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Birleşen Arap Emirliklerinde 210 adam ýogaldy, 21 müň 813 adam hasaba alyndy.

Katarda koronawirus sebäpli 14 adamyň ýogalandygyny mälim eden Saglygy goraýyş ministrligi, wirusa ýoluganlaryň sanynyň 29 müň 425 adama ýetendigini belledi.

Senegalda Kovid-19 sebäpli 25 adam ýogaldy, 2 müň 310 adam hasaba alyndy. Hökümetiň ybadathanalaryň açylmagyna rugsat bermeginden soň düýn käbir metjitlerde Juma namazy okaldy.

Afrikada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 2 müň 570, wirusa ýoluganlaryň sany 75 müň 886 adama, sagalanlaryň sany 27 müň 425 adama ýetdi.

Sudanda Kovid-19 sebäpli 91 adam ýogaldy, 1964 adam hasaba alyndy.

Çatda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 48, hasaba alynanlaryň sany 428 adama ýetdi.

Täze görnüş koronawirus sebäpli Günorta Sudanda 231, Madagaskarda 238, Mawritaniýada 26 adam ýogaldy.

Kovid-19 sebäpli Hindistanda 2 müň 753, Russiýada 2 müň 537, Pakistanda 834, Ukrainada 497, Bangladeşde 298, Moldowada 204, Ermenistanda 55, Azerbaýjanda 36, Gazagystanda 34, Singapurda 21, Gurziýada 12, Özbegistanda 11 adam ýogaldy.



Degişli Habarlar