"Koronawirus Siriýada hem hasaba alyndy emma heniz hiç hili çäre görülmedi"

"Koronawirus Siriýada hem hasaba alyndy emma wirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üçin heniz hiç hili çäre görülmedi"

1416149
"Koronawirus Siriýada hem hasaba alyndy emma heniz hiç hili çäre görülmedi"

BMG, Siriýada täze görnüş koronawirusyň hasaba alynandygyny, ýurtda 8 million adamyň azyk ýetmezçiligini başdan geçirýändigini we Idlibde öýlerini terk etmeli bolan 1 million adama berilýän ynsanper kömeginiň Türkiýeden gidýändigini mälim etdi.

BMG-nyň çäginde iş alyp barýan Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň metbugat geňeşçisi Elizabet Byrs, BMG-nyň Ženewadaky merkezinde wideo konferensiýa arkaly metbugata beýanat berdi.

Beýanatynda esasan İdlibdäki gumanitar pajyga ünsi çeken Byrs, “2019-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri Siriýanyň demirgazyk günbatarynda ýerleşýän 940 müň adam çaknyşyklar sebäpli öýlerini terk etmeli boldy we olar köp adamly düşelgelerde ýaşaýar. Bu Kowid-19 taýdan diýseň howply” diýdi.

Byrs, koronawirusyň Siriýada hem hasaba alynandygyny emma wirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üçin heniz hiç hili çäre görülmändigini nygtady.

Byrs Siriýada koronawirusa ýoluganlaryň sany barada bolsa maglumat bermedi.


Etiketkalar: #Siriýa , #koronawirus , #BMG

Degişli Habarlar