Dini liderlere koronawirusa garşy göreşde uly jogapkärçilik almaklary üçin çagyryş berildi

Guterreş dini liderleriň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde uly rol oýnap biljekdiklerini belledi

1416151
Dini liderlere koronawirusa garşy göreşde uly jogapkärçilik almaklary üçin çagyryş berildi

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreş, dini liderlere täze görnüş koronawirusa garşy göreşde uly jogapkärçilik almaklary üçin çagyryş berdi.

Guterreş wideo ýüzlenmesinde, halkara derejesinde hüjümleriň bes edilmegine goldaw berýän dini liderlere sag bolsun aýtdy we koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde uly rol oýnap biljekdiklerini belledi.

Guterreş, çaknyşyklara, zuluma, daşary ýurt duşmançylygyna we rasizme garşy durmaklary üçin jemgyýetlere duýduryş bermekleri barada dini liderlere çagyryş berdi.

BMG-nyň Baş sekretary, epidemiýa döwründe zenanlara garşy zulymyň ýokarlandygyny nygtady we dini liderleriň zenana edilýän zulumy ýazgarmaklaryny isledi.

Guterreş, epidemiýa döwründe millionlarça okuwçynyň okuwyna arakesme berlendigini ýatlatdy we dini liderleriň epidemiýa ortadan aýrylandan soň bilim meselesiniň çözülmegi üçin hem goldaw bermelidigini nygtady

 



Degişli Habarlar