Ispaniýada 113 ýaşyndaky zenan koronawirusy ýeňdi

Ispaniýadaky garrylar öýüniň birinde ýaşaýan 113 ýaşyndaky zenan, koronawirusyň hötdesinden gelmegi başardy

1415367
Ispaniýada 113 ýaşyndaky zenan koronawirusy ýeňdi

Ýerli metbugatda, ýurdyň demirgazyk-gündogaryndaky Girona şäheriniň Olot etrabyndaky garrylar öýünde ýaşaýan zenan Maria Branýasyň birnäçe hepde ozal ýolugan koronawirusy ýeňmegi başarandygy mälim edildi. 

Habarda mundan başgada, Maria Branýasyň çaga mahaly, dünýäniň iň uly epidemiýalarynyň biri bolan we 1918-1920-nji ýyllar aralygynda gabat gelinen Ispaniýa gribiniň hem hötdesinden gelendigi aýan edildi. 

4-nji martda 113 ýaşan we 20 ýyl bäri garrylar öýünde galýan Branýas, Ispaniýanyň metbugatyna beren beýanatynda: "Käbir kiçiräk meselelerim bar, emma her kimdede bular ýaly meseleler bolup biler. Maňa kömek eden ähli lukmanlara minnetdarlyk bildirýärin. Bu ýerde işleýänler meniň saglyk ýagdaýym bilen gyzyklandylar, maňa gowy seretdiler" diýip habar berdi. 

"Gerontology Research Group" atly jemgyýet, Branýasyň dünýäde koronawirusy ýeňen iň ýaşy uly adamdygyny öňe sürdi. 



Degişli Habarlar