ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Ysraýyla sapar gurar

Pompeo Kowid-19 epidemiýasy döwründe Ysraýyla sapar bilen ilkinji daşary ýurtly ýolbaşçy bolar

1413869
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Ysraýyla sapar gurar

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň başlan gününden bäri ilkinji daşary ýurt saparyny Ysraýyla gurar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýanatda, Pompeonyň 13-nji maýda Ysraýyla sapar gurajakdygy nygtaldy.

Beýanatda “Döwlet sekretary Pompeo, Premýer ministr Netanýahu we Mejlisiň metbugat geňeşçisi Gantz bilen howpsyzlyk we Ysraýylyň koronawirusa garşy alyp barýan göreşi hakynda pikir alyşar” diýildi.

Beýanatda Donald Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetiniň Ysraýylyň ýakyn hyzmatdaşydygy nygtaldy.

Pompeo Kovid-19 epidemiýasy döwründe Ysraýyla sapar bilen ilkinji daşary ýurtly ýolbaşçy bolar.

 



Degişli Habarlar