Somalide sil sebäpli 16 adam ýogaldy

Sil apatyn koronawirus sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Somala uly zeper ýetire

1412422
Somalide sil sebäpli 16 adam ýogaldy

 

BMG tarapyndan berlen beýanatda, Somalide aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli 16 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Beýanatda sil apaty sebäpli häzire çenli 200 müň adamyň başga ýere göçürlendigi ýatladyldy.

Sil apatynyň koronawirus epidemiýasy sebäpli agyr günleri başdan geçirýän Somala uly zeper ýetirjekdigi bellenildi.

Somalide häzire çenli 873 adama koronawirusyň ýokaşandygy anyklanyldy, wirus sebäpli 39 adam hem ýogaldy.

 



Degişli Habarlar