Günorta Koreýa: "Demirgazyk Koreýanyň lideri operasiýa geçirmedi" diýdi

Günorta Koreýanyň Milli Howpsyzlyk gullugy: "Demirgazyk Koreýanyň lideri operasiýa geçirmedi" diýip belledi

1412059
Günorta Koreýa: "Demirgazyk Koreýanyň lideri operasiýa geçirmedi" diýdi

Günorta Koreýanyň Milli Howpuzlyk gullugy, saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi ýa-da ölendigi öňe sürülen Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň operasiýa geçirmändigini habar berdi. 

Günorta Koreýanyň Ýonhap habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Milli Howpsuzlyk gullugy, demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen bagly öňe sürülen ýüregine operasiýa edilendigi baradaky maglumatlaryň nädogrydygyny mälim etdi. 

Milli Howpsuzlyk gullugynyň resmileri tarapyndan deputatlara berilen maglumatda, Kim Çen Ynyň şu ýylyň başyndan bäri 17 gezek halkyň öňüne çykandygy bellenip, munyň bolsa geçen ýyla garanyňda 66 göterim azadygyna ünsleri çekdiler. 

Kim Çen Ynyň ýüregi bilen baglanşykly hiç hili meseläniň bolmandygy nygtalyp, hünärmenleriň hatda ýeňil lukmançylyk bejergi bolsada kadalaşma etabynyň 4-5 hepde dowam edip biljekdigini belleýärler. 

Berilen beýanatda: "Kim Çen Yn halkyň öňüne çykmasada hemişeki ýaly döwlet işleri bilen meşgul bolýar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar