Özbegistanda suw howdanynyň çökmegi netijesinde 56 adam ýaralandy

Özbegistanda aşa ýagan ýagyşlaryň täsiri bilen Syrderýa welaýatynda suw howdany çökdi

1409305
Özbegistanda suw howdanynyň çökmegi netijesinde 56 adam ýaralandy
ozbekistan baraj duvari cokme1.jpg
ozbekistan baraj duvari cokme.jpg

Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat sekretary Murad Sadykow, aşa ýagan ýagyşlar sebäpli Sardoba suw howdanynyň diwarynyň bir böleginiň çökmagy netijesinde, köp mukdarda suwyň suw howdanyndan akandygyny habar berdi. 

Sadykow, sebitdäki ekin ýerleriň we käbir ýaşaýyş ýerleriniň suwyň aşagynda galandygyny, ýüzlerçe öýe zyýan ýetendigini, 56 adamyň ýaralanandygyny, suw howdanynyň golaýynda ýaşaýan 70 müň töwerek adamyň başga ýerlere göçürilendigini mälim etdi. 

Halas ediş toparlarynyň işlerini dowam etdirýändigini aýdan Sadykow, suw howdanynyň suwunyň beýleki derýalara gönükdirilmegi bilen suwyň akyşynyň togtadylandygyny beýan etdi. 

Prezidentiň Metbugat bölümi tarapyndan berilen beýanatda, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň apatdan soň sebite gidendigini aýan etdi. 

Suw howdanynda gözegçilik işlerini geçiren we zyýan çeken adamlar bilen gürrüňdeş bolan Mirziýoýew, başga ýerlere göçürilen adamlar üçin ähli ýeňillikleriň dörediljekdigini belläp: "Ähli güýçlerimizi we ulaglarymyzy ulanarys. Şertler gowulaşýança çenli men bilen birlikde hiç bir ýolbaşçy bu ýerden gitmez" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #suw howdany , #Özbegistan

Degişli Habarlar