Demirgazyk Koreýanyň lideriniň täze suratlary ýüze çykdy

Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň ýurdyň paýtagty Phenýan şäherinde bir fabrigiň açylyşyny ýerine ýetirýän wagty alynan suratlar orta çykdy

1409242
Demirgazyk Koreýanyň lideriniň täze suratlary ýüze çykdy
کیم
kim jong-un.jpg

Demirgazyk Koreýanyň resmi habarlar agentligi KJNA-da berilen habarlara görä, soňky birnäçe hepde bäri berilýän saglyk ýagdaýynyň gowy däldigi we ölendigi baradaky öňe sürmelerden soň Kim Çen Ynyň dökün fabriginiň açylyşyny ýerine ýetirýärkä düşürilen suratlary çap edildi. 

Açylyşda lenta kesýän Demirgazyk Koreýanyň liderine, gyz jigisi Kim Ýo Jongyň we Demirgazyk Koreýaly beýleki ýokary derejeli ýolbaşçylaryň ýoldaşlyk edýändigini suratda görüp bolýar. 

Birnäçe adamdan ybarat hytaýly lukmanlaryň Demirgazyk Koreýa gidendigi öňe sürülipdi, Kimiň 12-nji aprelde operasiýa geçirendigi we saglyk ýagdaýynyň gowulaşmaga başlandygy baradaky habarlar çykypdy. 

Gonkongyň telewideniýesi, Kimiň ölendigini öňe sürüpdi, bu habar bolsa hiç bir resmi tarapyndan tassyklanmandy. 



Degişli Habarlar