Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 191 müň adama ýetdi

Wirusa ýolugyp, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 751 müň 400 adamdan geçdi

1404670
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 191 müň adama ýetdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 191 müň adamdan, koronawirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 million 733 müň 600 adamdan geçdi. Wirusa ýolugyp, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 751 müň 400 adamdan geçdi. 

Eýranda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 574 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 88 müň 194 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 66 müň 596 adama ýetdi. 

Koronawirusyň ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda häzirki wagta çenli 4 müň 632 adam ýogaldy. Hytaýda wirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 77 müň 257 adama ýetdi. 

Arap ýurtlarynda täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalýan we wirusa ýolugýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär. 

Käbir Arap ýurtlarynda Kovid-19 sebäpli ýogalan we wirusa ýolugan adamlaryň görkezijileri şu aşakdaky ýaly: 

Omanda koronawirus sebäpli 9 adam ýogaldy, 1716 adama wirusa ýolukdy. Alžirde koronawirus sebäpli 407 adam ýogaldy, 3 müň 7 adama wirusa ýolukdy. Yrakda koronawirus sebäpli 83 adam ýogaldy, 1 müň 677 adama wirus ýolukdy. Müsürde koronawirus sebäpli 287 adam ýogaldy, 3 müň 891 adama wirusa ýolukdy, Somalide koronawirus sebäpli 16 adam ýogaldy, 328 adama wirusa ýolukdy, Iordaniýada koronawirus sebäpli 7 adam ýogaldy, 437 adama wirusa ýolukdy, Bahreýnde koronawirus sebäpli 8 adam ýogaldy, 2 müň 217 adama bolsa wirusa ýolukdy. 

4 adamyň ýogalan Yragyň Kürt Awtonomiýasynyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, 4-nji aprelde başladylan we tapgyrlaýyn häsýetde durmuşa geçirilen köçä çykmak gadagançylygynyň möhlediniň 1-nji maýa çenli uzaldylandygy mälim edildi. 

Katarda häzirki wagta çenli wirus sebäpli 10 adam ýogaldy, şeýle hem 7 müň 764 adam wirusa ýolukdy. 

Soňky 24 sagatda kovid-19 sebäpli adam ýitgisiniň çekilmedik, geçen hepdäniň ýekşenbe gününden bäri bolsa ýogalan adamlaryň sanynyň 38-de galan Tunisde, ýene-de 38 adama koronawirusyň ýolugandygy anyklandy. Tunisde şeýlelik bilen koronawirusa ýoluganlaryň sany 918-e ýetdi. 

BMG adam hukuklary guramasynyň işgärleri, Ysraýyl tussaghanalarynda saklanýan müňlerçe palestinalynyň azat edilmegi barada çagyryş berdiler. 

Indoneziýada koronawirus sebäpli gury ýer gatnawlary 31-nji maýa, deňiz gatnawlary 8-nji iýuna, otly gatnawlary bolsa 15-nji iýuna çenli togtadyldy. 

477 adamyň ýogalan Filippinlerde şu günki güne çenli 7 müň 192 adam wirusa ýolukdy. 

Pakistanda wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 13 adam artyp, jemi 237 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 642 adam artyp, jemi 11 müň 155 adama ýetdi. 

722 adam ýogalan Hindistanda bolsa wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 680 adam artyp, jemi 23 müň 502 adama ýetdi. 


Etiketkalar: #dünýä , #wirus

Degişli Habarlar