Kanadadaky hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Kanadanyň Täze Şotlandiýa ştatynda geçen hepdäniň ahyrynda guralan ýaragly hüjümde ýogalanlaryň sany 23 adama ýetdi

1403305
Kanadadaky hüjümde ýogalan adamlaryň sany artdy

Şa maşgalasynyň Atly polisiýa gullugynyň Täze Şotlandiýa ştatyndaky bölüminden berilen ýazmaça beýanatda, Gabriel Wortman atly 51 ýaşyndaky hüjümçiniň, 18-nji aprelde şenbe güni agşam başlan we 19-njy aprel ýekşenbe güni günortana çenli dowam eden hüjümlerinde jemi 23 adamyň ýogalandygy mälim edildi.  

Hüjümçiniň polisiýa işgärleri bilen bolan çaknyşykda öli ýagdaýda ele salynandygy habar berilen beýanatda, wakanyň Portapik, Wenwort, Debert, Şubenakadi, Milford we Enfild şäherleri başda bolmak bilen ştatyň 16 tapawutly ýaşaýyş ýerlerinde başdan geçirilendigi aýan edildi. 

Hüjüm bilen baglanşykly gözleg we halas ediş işleriniň we delil ýygnama işleriniň dowam edýändigi habar berildi. 

Beýleki tarapdan Täze Şotlandiýa ştatyndaky hüjümiň, ýurdyň taryhynda iň köp adam ýitgisi bolan hüjümdigi beýan edildi. 

 


Etiketkalar: #hüjüm , #ştat , #Kanada

Degişli Habarlar