Hytaý Kovid-19 wirusynyň laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny nygtady

Hytaýyň Uhan Wirusologiýa instituty, Amerikanyň metbugatynda berilen Kovid-19 wirusynyň laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny nygtady

1401907
Hytaý Kovid-19 wirusynyň laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleriň nädogrydygyny nygtady

Hytaýyň CGTN telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Institutyň direktory Ýüen Jyming, Kovid-19-yň laboratoriýadan çykandygy baradaky öňe sürmeleriň adamlaryň pikirlerini bulaşdyrmak we Hytaýyň epidemiýa garşy göreşine we ylmy işlerine goşulmak maksatlydygyny belledi. 

Institutyň çäginde iş alyp barýan Uhan Milli Bio-howpsyzlyk laboratoriýasynda haýsy wiruslaryň üstünde işlenýändigini bilýändiklerini aýdan Ýüen: "Ozal hem aýdyşymyz ýaly, wirusyň bizden çykmaga üçin hiç hili ýol ýok" diýip belledi. 

Kovid-19-yň laboratoriýada öndürilendigini öňe sürýänleriň hiç hili subutnamasynyň ýa-da maglumatynyň bolmandygyny aýdan Ýüen, öňe sürmeleriň dolulygyna çaklamalardan ybaratdygyny beýan etdi. 

Ýüen mundan başgada Kovid-19-yň laboratoriýanyň hiç bir işgärine ýokmandygyny habar berdi. 



Degişli Habarlar