Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 152  müň adamdan geçdi

Fransiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 761 adam artyp 18 müň 681 adama ýetdi

1400450
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 152  müň adamdan geçdi

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 152  müň, wirus ýokaşanlaryň sany 2 million 250 müň, sagalanlaryň sany bolsa 568 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da Waşington, Merilend we Wiržiniýa ştatlarynda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 20 müňe, wirus ýokaşanlaryň sany hem bir hepde-de 2 esse artyp 20 müň adama ýetdi.

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 575 adam artyp 22 müň 745 adama ýetdi. Ýogalanlaryň 19 müň  508-i ýagny 96,7 göterimi  ýeterlik dem alyş enjamlarynyň bolmandygy sebäpli ýogaldy.

Fransiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 761 adam artyp 18 müň 681 adama ýetdi.

Kanada-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 440 adam artyp 1273 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 4 müň 426 adam artyp 39 müň 106 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar