Koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 146 müň adamdan geçdi

Sagalanlaryň sany bolsa 545 müň adamdan geçdi

1399912
Koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 146 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 144 müň, wirus ýokaşanlaryň sany 2 million 146 müň, sagalanlaryň sany bolsa 545 müň adamdan geçdi.

Iýerusalimiň Yslamy Gaznalar Geňeşi koronawirus epidemiýasy sebäpli Al Aksa metjidiniň oraz aýynda ybadata açylmajakdygyny habar berdi. Al Aksa metjidi koronawirus epidemiýasy sebäpli 22-nji martda Iýerusalimiň Yslam Gaznalar Edarasy tarapyndan dolulygyna ybadata ýapylypdy.

17 raýaty pida bolan Gazagystanda ýene-de 21 adamyň pandemiýa sebäpli hasaba alyndy. Häzirki wagta çenli jemi 1362 adama wirus ýolukdy.

2 sanysy saglygy saklaýyş gullukçysy jemi 53 raýaty aradan çykan Moldowada ýene-de 105 adam hasaba alyndy.

Belarusda adam pidasy 40, hasaba alynanlaryň sany 4,204 adam. Ýurtda koronawirusa ýolugan 3 zenanyň bäbekleri sagdyn dünýä indi.

Azerbaýjanda 15 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany 1283 adam.

Keniýada 11 adam ýogaldy. Köçä çykma gadagançylygynyň düzgünlerini bozan 12 raýat polis gullukçylary tarapyndan öldürildi.



Degişli Habarlar