Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Logar welaýatynyň Çarh etrabynda Talibana agza terrorçylaryň harby birikmä hüjüm guramagy netijesinde 9 esger ýogaldy

1399534
Owganystan dartgynly bolmagynda galýar

Owganystanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Talibanly başbozarlaryň Çarh etrabynyň Kalei Daşt diýilen ýerindäki harby birikmä hüjüm gurandygy mälim edildi. 

Hüjümde 9 esgeriň ýogalandygy aýdylýan beýanatda, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibanyň hem agyr ýitgi çekendigi habar berildi. 

Taliban bolsa hadysa bilen bagly entek beýanat bermedi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Taliban , #Logar , #Owganystan

Degişli Habarlar