Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Nigeriaýanyň Plateau we Niger ştatlarynda guralan ýaragly hüjümlerde 15 adam ýogaldy

1399324
Nigeriýada ýaragly hüjümler guraldy

Plateau ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat sekretary Ubah Ogaba, ştatyň Huru diýilen ýerinde şahsyýetleri näbelli bolan adamlar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 9 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Ogaba hüjümde şeýle hem köp sanda adamyň ýaralanandygyny belläp, 2 öýüň bolsa doly ýanyp kül bolandygyny aýan etdi. 

Ýurdyň Niger ştatynyň Shiroro we Madaka obalaryna motosikller bilen gelen ýaragly adamlaryň guran hüjüminde bolsa 6 adamyň ýogalandygy, 5 adamyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

Hüjümde şeýle hem 600 adamyň gorkup öýlerini terk edendikleri habar berildi. 



Degişli Habarlar