Dünýäde koronawirus ýokaşanlaryň sany 2 million 100 müň adamdan geçdi

Epidemiýanyň merkezi ýagdaýyna gelen ABŞ-da ýogalanlaryň sany 30 müň 990 adama ýetdi

1399660
Dünýäde koronawirus  ýokaşanlaryň sany 2 million 100 müň adamdan geçdi

 

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 136 müň 36, wirus ýokaşanlaryň sany 2 million 100 müň, sagalanlaryň sany bolsa 523 müň 873 adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ýagdaýyna gelen ABŞ-da ýogalanlaryň sany 30 müň 990 adama ýetdi.Nýu-Ýork şäherinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň 586 adama, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 200 müň adama ýetdi. Ýurtda epidemiýadan goranmak üçin görlen çäreler berjaý edilmän we  gysga wagtda sanjmym tapylman halatynda epidemiýanyň 2022-nji ýola çenli dowam edip biljekdigi nygtaldy.

Italiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 578 adam artyp 21 müň 645 adama ýetdi. Wirus ýokaşanlaryň sany 165 müň 155 adama ýetdi. Epidemiýada ýogalan lukmanlaryň sany hem 121-e ýetdi.

Ispaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 551 adam artyp 19 müň 130 adama, wirus ýokaşanlaryň sany hem 5 müň 183 adam artyp 182 müň 816 adama ýetdi. İspan hökümeti epidemiýa sebäpli işsiz galan 3 million adama aýlyk berer.

Fransiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 17 müň 167 adama, hasaba alynanlaryň sany hem 147 müň 863 adama ýetdi.

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 13 müň 729 adama ýetdi.  Wirus ýokaşanlaryň sany 98 müň 476 adama ýetdi. Ýurtdaky garrylar öýünde wirusa garşy degişli çäreleriň görülmändigi sebäpli garrylar öýlerinde 4 müň adamyň ýogalandygy öňe sürülýär.

Germaniýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 67-i türk 3 müň 804 adama ýetdi. Koronawirusyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen ýapylan dükanlar 4-nji aprelde, 4-nji maýda hem mekdepler we dellekhanalar tapgyrlaýyn ýagdaýda açylar.

Gollandiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 181 adam artyp 3 müň 315 adama ýetdi. Ýogalanlardan 54-i Türkiýäniň raýaty. Ýurtda soňky 24 sagatda wirus ýokaşanlaryň sany 1061 adam artyp 29 müň 214 adama ýetdi.

Belgiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 417 adam artyp 4 müň 857, wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 1236 adam artyp 34 müň 809 adama ýetdi.

Braziliýada soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli 204 ýogaldy. Wirus ýokaşanlaryň sany hem 3 müň 58 adam artyp 25 müň 262 adama ýetdi.

Awstriýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 410, hasaba alynanlaryň sany bolsa 14 müň 420 adama ýetdi.

Koronawirus Polşada 292 adamyň ýogalmagyna, 7 müň 771 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Çeh Respublikasynda koronawirus sebäpli 166 adam ýogaldy, 6 müň 303 adama hem wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy.

Koronawirus sebäpli Şweýsariýada 26 müň 422 adam hasaba alyndy, 1269 adam hem ýogaldy.

Polşada Kowid-19 sebäpli 18 müň 841 adam hasaba alyndy, 629 adam ýogaldy.

Ruminiýada 7 müň 707 adam hasaba alyndy, 392 adam hem koronawirus sebäpli ýogaldy.

Norwegiýada koronawirus sebäpli 6 müň 798 adam hasaba alyndy, 150 adam hem ýogaldy.

Koronawirus Daniýada 6 müň 879 adamyň hasaba alynmagyna, 321 adamyň hem ýogalmagyna sebäp boldy.

Finlandiýada epidemiýa sebäpli 3 müň 369 adam hasaba alyndy, 72 adam ýogaldy.

Gresiýada bolsa koronawirus sebäpli 2 müň 192 adam hasaba alyndy, 102 adam ýogaldy.

Horwatiýada koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1791, ýogalanlaryň sany 35 adama ýetdi.

Wengriýada Kowid-19 sebäpli 1652 adam hasaba alyndy, 142 adam hem ýogaldy.

Sloweniýada hasaba alynanlaryň sany 1268, ýogalanlaryň sany 61 adama ýetdi.

Bosniýa-Gersegowinada 1167 adama wirusyň ýokaşandygy anyklanyldy, 43 adam hem koronawirus sebäpli ýogaldy.

Demirgazyk Makedoniýada 945 adam hasaba alyndy, 45 adam hem ýogaldy.

Albaniýada koronawirus sebäpli 518 adam hasaba alyndy, 26 adam ýogaldy.

Serbiýada bolsa Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 103, hasaba alynanlaryň sany 5 müň 318 adama ýetdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar