Koronawirus ýokaşanlaryň sany 1 million 900 müň adamdan geçdi

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, ýurdunda koronawirus sebäpli ýogalanyň bolmandygyny öňe sürdi

1397542
Koronawirus  ýokaşanlaryň sany  1 million 900 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 120 müň wirus ýokaşanlaryň sany 1 million 900 müň, sagalanlaryň sany bolsa 440 müň adamdan geçdi.

Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, ýurdunda koronawirus sebäpli ýogalanyň bolmandygyny öňe sürdi. Saglygy goraýyş ministrliginden berlen beýanata görä bolsa, ýurtda soňky 1 günde Kowid-19 sebäpli 3 adam ýogaldy. Şeýlelikde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 29 adama ýetdi. Ministrlige görä, ýurtda wirus ýokaşanlaryň sany hem 3 müňe golaý.

Ysraýylda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 115 adama ýetdi. Hökümet şäherara gatnawyň gadagan edilendigini we şu günden başlap penşenbe gününe çenli köçä çykmagyň hem gadagan edilendigini mälim etdi.

Müsürde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 159 adama ýetdi, 2 müň 65 adam hem hasaba alyndy. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Müsüre epidemiýa garşy göreşiň çäginde bazarlarda we dükanlarda wirusa garşy berk çäre görmegi üçin çagyryş berdi.

Singapurda koronawirus sebäpli 9 adam ýogaldy, wirus ýokaşanlaryň sany 386 adam artyp 2 müň 918 adama ýetdi.

 



Degişli Habarlar