Boris Jonson Saglygy goraýyş edaranyň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi

Öýüne ugradylan Boris Jonson, sosial media hasabyndan wideo paýlaşdy

1396951
Boris Jonson Saglygy goraýyş edaranyň işgärlerine minnetdarlyk bildirdi

Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson, koronawirusa garşy bejergi alan hassahananyň işgärlerine, janyny halas edendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. 

Öýüne ugradylan Boris Jonson, sosial media hasabyndan wideo paýlaşdy. 

Wideosynyň başynda "Şu gün Milli Saglygy goraýyş edarasynyň janymy halas edeninden 1 hepde soň hassahanadan çykdym" diýen Boris Jonson, minnetdarlyk bildirmek üçin söz tapmakda kynçylyk çekýändigini belledi. 

Bejergi alan London şäherindäki St. Tomas hassahanasynyň işgärleriniň adyny agzap minnetdarlyk bildiren Jonson, esasan hem Täze Zelandiýaly Jenni we portugaliýaly Luis atly iki şepagat uýasynyň tankydy sagatlarda 48 sagat boýunça ýanyndan aýrylmandyklaryny habar berdi. 

Beýleki tarapdan Boris Jonsonyň hassahanadan öýüne ugradylmadan ozal geçirilen koronawirus testiniň otrisatel çykandygy mälim edildi. 

Gyzgynynyň galmagy we üsgülewükleriniň artmagy sebäpli 27-nji martda koronawirus testi položitel çykan we özüni beýleki adamlardan izolirlän Jonson, saglyk ýagdaýy gowulaşmanlygy sebäpli 5-nji martda hassahana ýatyrylypdy, ertesi gün bolsa hassahananyň agyr keselliler bölümine ýatyrylypdy. 

3 gün şol bölümde galan Jonsona kislorod bejergisiniň edilendigi, emma dem alyş enjamyna baglanmandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #koronawirus , #Britaniýa

Degişli Habarlar