Russiýa Siriýanyň Kamyşly etrabyndaky harby güýjüni artdyrýar

Russiýa Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlerdäki bazalarynyň sanyny artdyrmaga dowam edýär

1393806
Russiýa Siriýanyň Kamyşly etrabyndaky harby güýjüni artdyrýar

Türkiýäniň Ýewfrat derýasynyň gündogarynda geçiren Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň, Russiýanyň Siriýanyň demirgazyk-gündogarynda harby güýjüni artdyrmagyny dowam etdirýär. 

Ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä, Russiýa degişli takmynan 50 ulagdan ybarat ulag kerweni düýn Rakkanyň Aýn Isa etrapçasyndan ýola çykyp, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy sebitiniň günortasynada ýerleşýän Tel Temyr etrapçasyna baranyndan soň, Kamyşly etrabynyň merkezine tarap hereket etdi. 

Sowutly we esgerleri daşaýan ulaglar bilen taňklardan ybarat ulag kerweni, Kamyşly etrabynyň merkeziniň günorta-günbatarynda ýerleşýän Kamyşly howa menzilindäki Russiýa degişli harby baza bardylar. 

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň, Kamyşly howa menzilindäki bazasyny gurnama öýler bilen giňelden Russiýanyň, düýn gelen goşmaça güýçlerden ozal, ol ýerde azyndan 200 esgeri, onlarça sowutly ulagy we taňky bilen 6 sany harby dikuçary bardy. Harby bazada iş alyp barýan ýokary derejeli rus harbylar bolsa sebitde ele geçiren willalarda ýaşaýarlar. 

Türkiýäniň ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a garşy 2019-njy ýylyň 9-nji oktýabrynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyny başlatmagy bilen, ABŞ-nyň harby güýçleri Siriýanyň demirgazygynda boşaldan käbir bazalaryna Russiýanyň harby güýçleri ýerleşipdi. 

Russiýa şol günlerden bäri Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ÝPG/PKK-nyň gözegçiligi astyndaky ýerlerdäki bazalarynyň sanyny artdyrmaga dowam edýär. 



Degişli Habarlar