Nigeriýada Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Nigeriýanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Boko Harama garşy geçirilen operasiýada guramanyň 19 agzasy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1394116
Nigeriýada Boko Harama garşy operasiýa geçirildi

Köp milletli umumy harby güýç operasiýasynyň metbugat geňeşçisi Timothy Antigha, metbugata beren beýanatynda, Nigeriýanyň hyzmatdaşlyk etmeginde ýurdyň Borno welaýatynda terror guramasy Boko Harama garşy operasiýanyň geçirilendigi aýan edildi. 

Operasiýada guramanyň 19 agzasynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdan Antigha, ýaralanan guramanyň agzalarynyň bolsa gaçandygyny habar berdi. 

Antigha, guramanyň 2 agzasynyň tussag edilendigini, Boko Harama degişli ýarag doly 2 ýük ulagynyň we köp sanda ok-däriniň ele salynandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #Boko Haram , #Nigeriýa

Degişli Habarlar