"Koronawirus epidemiýasy sebäpli ÝB-niň döredilen gününden bäri ilkinji gezek uly synagdan geçýär"

Merkeli Ýewropada maska ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigine ünsi çekdi we maskalaryň Germaniýada ýada Ýewropada öndürilmelidigini aýtdy

1392708
"Koronawirus epidemiýasy sebäpli ÝB-niň döredilen gününden bäri ilkinji gezek uly synagdan geçýär"

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel, koronawirus epidemiýasy sebäpli ÝB-niň döredilen gününden bäri ilkinji gezek uly synagdan geçýändigini aýtdy.

Angela Merkel epidemiýanyň ÝB-ne agza ýurtlara ýaramaz  täsirini ýetirýändigini nygtady.

“Men ÝB-niň döredilen gününden bäri ilkinji gezek şeýle uly synagdan geçýändigi barada pikir edýärin” diýen Merkel, Ýewropanyň bu saglygy goraýyş krizisiniň hötdesinden gelmeginiň gurama agza ähli ýurtlar taýdan bähbitli boljakdygyny belledi.

“Ýewropada ýagdaý gowy bolsa Germaniýanyň ýagdaýy hem gowy bolar diýen” Merkel,  şol bir pur birligini ulanýan ýurtlara krizisiň uly zeper ýetirýändigine ünsi çekdi we şol sebäpli hem gurama agza ýurtlaryň maliýe ministrlerinden krizis döwründe görüljek çäreler hakynda garaýyşlaryny beýan etmeklerini isledi.

Federal Kansler Merkeli Ýewropada maska ýetmezçiliginiň başdan geçirilýändigine ünsi çekdi we maskalaryň Germaniýada ýada Ýewropada öndürilmelidigini aýtdy.

Koronawirus epidemiýasynyň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy üçin görlen çärelere Germaniýada umuman alnanda üns berilýändigini nygtan Merkel halka sag bolsun aýtdy

 



Degişli Habarlar