Indoneziýadaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Indoneziýanyň Günorta Sulawesi ştatynda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 4 adam ýogaldy

1391689
Indoneziýadaky sil apatynda 4 adam ýogaldy

Jakarta Post gazediniň berýän habaryna görä, ştatyň Tana Toraža sebitinde düýn irden täsirli bolan aşa köp ýagan ýagyşlaryň sil apatynyň döremegine we ýer süýşgünleriniň emele gelmegine sebäp boldy. 

Tana Toraža Apat azaltmak agentliginiň başlygy Alfian Andi Lolo, öýleri ýeriň aşagynda galan 4 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Resmiler Orta Kalomantan ştatynyň Demirgazyk Baroto sebitinde hem sil apaty sebäpli 6 obadaky ýüzlerçe öýüň suwyň aşagynda galandygyny mälim etdiler. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Indoneziýa

Degişli Habarlar