Twitter Türkiýä garşy hereket edýän 7,891 hasaby ýapdy

Twitter Türkiýä garşy hereket edýän Saud Arabystanynda we Müsürde açylan 7,891 hasaby hapandygyny habar berdi

1390530
Twitter Türkiýä garşy hereket edýän 7,891 hasaby ýapdy

Twitterden berilen beýannamada platforma üçin aç-açanlygyň esas bolup durýandygy bellenilip, döwlet tarapyndan goldanýan maglumat operasiýalaryna garşy alynyp barylýan işleriň çäginde Müsürden, Saud Arabystanyndan, Gondurasdan, İndoneziýadan we Serbiýadan dolandyrylýan hasaplaryň ýapylandygy habar berildi.

Beýannama görä Al Fagr atly Müsürde döredilen tor 2,541 galp hasap açyp, Türkiýä, Katara we Eýrana garşy tankydy habarnamalary ýaýratmaga başlady. Görkezicilere laýyklykda şol toruň Müsüriň hökümeti tarapyndan gönükdirilendigi anyklandy.

Beýleki tarapdan Saud Arabystany bilen arabaglanşygynyň bardygy anyklanan we Türkiýe bilen Kataryň Ýemende alyp barýan işlerini tankyt edýän galp hasap toruna degişli 5,350 hasaby ýapylandygy beýan edildi.

Saud Arabystanynyň, Müsüriň we Birleşen Arap Emirlikleriniň degişli bolmagynda dürli ýurtlardan dolandyrylýan şol hasap torunyň Saud Arabystanynyň hökümetini öwüci habarnamalar ýaýradandygy habar berildi.

Türkiýä garşy habarnama ýaýradan cemi 7891 hasabyň ýapylandygyna üns çekilýän beýannamada, dürli ýurtlarda dürli syýasy maksatlara laýyklykda habarnama berýän Serbiýada, İndoneziýada we Gondurasda açylan müňlerçe hasabyň hem ýapylandygy bellenilýär.



Degişli Habarlar