Germaniýada tapylan 250 kilogram agyrlygyndaky bomba sebäpli koronawirus hassahana boşadyldy

II jahan urşundan galan 250 kilogram agyrlygynda bomba tapyldy

1389945
Germaniýada tapylan 250 kilogram agyrlygyndaky bomba sebäpli koronawirus hassahana boşadyldy

 

Germaniýanyň Bonn şäherinde, Bonn uniwesitetine degişli hassahananyň ýerleşýän meýdanynda dowam edýän gurluşyk işleriniň çäginde II jahan urşundan galan 250 kilogram agyrlygynda bomba tapyldy.

Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, bomba sebäpli hassahana boşadyldy. Hassahanada bejergi alýanlaryň arasynda koronawirus kesellileri hem bar.

Bombanyň tapylan ýeriniň 500 metr golaýyda ýaşaýanlaryň bir böleginiň hem başga ýere göçürlendigi nygtalýar.

Bombanyň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin işe girişildi.



Degişli Habarlar