ABŞ Russiýadan lukmançylyk enjamlaryny satyn aldy

"Geçmişde hem iki ýurt krizis döwürlerinde biri-birine ýardam beripdi we bermäge dowam eder"

1389961
ABŞ Russiýadan lukmançylyk enjamlaryny satyn aldy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus, koronawirus epidemiýasy sebäpli Russiýadan lukmançylyk enjamlaryny satyn alandyklaryny mälim etdi

Ortagus mesele hakynda beren ýazmaça beýaantynda, iki ýurduň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda koronawirusa garşy göreşiň çäginde lukmançylyk enjamlarynyň satyn alynandygyny nygtady.

Ortagus “30-njy marta Prezident Tramp bilen Prezident Putiniň arasynda geçirlen telefon arkaly söhbetdeşlikden soň ABŞ, 1-nji aprelde dem alyş enjamlary we goraýjy kombinezonlar bilen birlikde 1 uçarlyk lukmançylyk enjamlary satyn aldy. Geçmişde hem iki ýurt krizis döwürlerinde biri-birine ýardam beripdi we bermäge dowam eder. Bütin dünýä howp salýan dünýäniň duşmany bolan wirusy ýeňmek üçin bilelikde işleşmelidiris” diýdi.

Russiýadan ABŞ-na ugradylan lukmançylyk enjamlary “An-124” kysymly harby ýük uçary bilen Nýu Ýorka gondy.

 


Etiketkalar: #Russiýa , #ABŞ , #medisina

Degişli Habarlar