Eýrandaky sil apatynda ýogalýan adamlaryň sany artýar
Eýranyň günorta sebitlerinde täsirli bolan aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelýän sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany 21-e ýetdi
Ýurdyň Tiz kömek gullugynyň metbugat sekretary Müjetab Halidi, Eýranly Talyplar agentligi ISNA beren beýanatynda: "22-nji martdan bäri Pars welaýatynda 11 adam, Hürmüzgan welaýatynda 3 adam, Kum welaýatynda 3 adam, Sistan-Bulujystan welaýatynda 2 adam, Buşehr welaýatynda 1 adam we Huzistan welaýatynda 1 adam sil apatynda ýogaldy" diýip habar berdi.
Hürmüzgan welaýatynda dereksiz ýiten 1 adamyň gözleg işleriniň dowam edýändigini aýdan Halidi, sil sebäpli ýene-de 14 adamyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi.
Halidi, 30-njy martda ýekşenbe güni beren beýanatynda, sil apatlarynda ýogalanlaryň sanynyň 18 adamdygyny beýan edipdi.
Degişli Habarlar
Hindistanda karýeriň çökmegi netijesinde azyndan 15 adam ýogaldy
Hindistanda karýerleriň biriniň çökmegi netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 15 adam ýogaldy
Ysraýylly Tanklar Rafah Şäher Merkezine Girdi
Tanklar Al Awde metjidiniň golaýyna çenli geldi we 1 metjidi nyşana aldy.