Eýranyň günorta-günbatarynda sil apaty başdan geçirilýär

Eýranyň günorta-günbatarynda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 4 adam ýogaldy

1387546
Eýranyň günorta-günbatarynda sil apaty başdan geçirilýär

Eýranly Zähmetkeşler habarlar agentliginde berilen habara görä, Eýranyň Tiz kömek gullugynyň metbugat sekretary Müjteba Halidi, ýurdyň günorta-günbatarynda aşa köp ýagan ýagyşlaryň siliň döremegine sebäp bolandygyny habar berdi. 

Müjteba Halidi, Pars, Huzistan we Kohgiluýe-Buýer Ahmed welaýatlarynda başdan geçirilen sil apatlarynda 4 adamyň ýogalandygyny mälim etdi. 

Halidi, Huzistan welaýatynyň Dezful şäherinde bolsa siliň suwynyň alyp giden 1 adamyň dereksiz ýitendigini aýan etdi. 

Eýranyň günorta-gündogarynda geçen hepde täsirli bolan sil apatynda bolsa 14 adam ýogalypdy, ekin meýdanlaryna we infrastruktura uly zyýan ýetipdi. 

 


Etiketkalar: #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar