Donald Tramp, Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp we Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlygyň möhümdigini bellediler

1386123
Donald Tramp, Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Ak Tam tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä, Tramp we Makron, telefon söhbetdeşliklerinde Kovid-19-a garşy alynyp barylýan göreş we wirusyň ykdysady täsirlerini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon söhbetdeşliginde iki lider, Kovid-19 epidemiýasyny tiz ýagdaýda ortadan aýyrmak we wirusyň ykdysady täsirini iň az derejä ýetirmek üçin Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Halkara Pul gaznasy we Bütindünýä Banky ýaly halkara guramalara ýardam etmek üçin, G-7, G-20-ä agza ýurtlar bilen BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň hemişelik 5 agzasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp geçdiler. 

Tramp we Makron geçiren özara telefon söhbetdeşliklerinde iki ýurdy we sebiti gyzyklandyrýan meseleleriň hem üstünde durup geçdiler. 


Etiketkalar: #koronawirus , #ABŞ , #Fransiýa

Degişli Habarlar