Donald Tramp Günorta Koreýadan Kovid-19 anyklaýyş enjam talap etdi

Iki lideriň geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň koronawirusa garşy göreşdigi aýan edildi

1384981
Donald Tramp Günorta Koreýadan Kovid-19 anyklaýyş enjam talap etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Günorta Koreýanyň Döwlet baştutany Mun Çže In bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreşiň çäginde ulanmak maksady bilen wirus anyklaýyş enjam talap etdi. 

Hytaýdan daşary wirusyň iň köp zyýan ýetiren ýerleriniň biri bolan Günorta Koreýanyň, epidemiýany wirus anyklaýyş enjamlary we gören beýleki çäreleri bilen gözegçilik astyna alandygy habar berilýär. 

Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda beýanat beren ýurdyň Döwlet baştutany Mun Çže In: "ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, wirus anyklaýyş enjamy ýaly gyssagly önümleriň üpjün edilmegi babatynda bize talap bildirdiler" diýip mälim etdi. 

Iki lideriň geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugrunyň koronawirusa garşy göreşdigi aýan edildi. 



Degişli Habarlar