Siriýanyň Bab etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Siriýanyň demirgazygyndaky Bab etrabynda terror guramasy PKK/ÝPG tarapyndan guralandygy çak edilýän bombaly hüjümde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy

1383308
Siriýanyň Bab etrabynda bombaly hüjüm guraldy

Ýewfrat Galkany operasiýasy bilen terrorçylardan saplanan Bab etrabynda ulaga ýerleşdirilen bomba partlady. 

Terrorçylykly hüjümiň netijesinde asuda ilatdan 4 adam ýaralandy. 

Partlamanyň täsiri bilen golaýdaky ýerlere zyýan ýetdi, Raýat goranyş topary bolsa ýüze çykan ýangyny söndürdi. 

Wakanyň bolan ýerinde derňew işlerini geçirmäge başlan howpsyzlyk güýçleri, hüjümiň PKK/ÝPG tarapyndan guralandygyny çak edýär. 


Etiketkalar: #Siriýa , #bomba , #hüjüm , #Bab

Degişli Habarlar