Eýrandaky sil apatynda 7 adam ýogaldy

Eýranyň 7 aýry welaýatynda başdan geçirilýän sil apatlarynda ýogalan adamlaryň sany 7-ä ýetdi

1383164
Eýrandaky sil apatynda 7 adam ýogaldy

Pars habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň metbugat geňeşçisi Müjteba Halidi: "Aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli ýurdyň Hürmüzgan, Buşehr, Pars, Sistan-Belujistan, Kum, Giýlan we Kirman welaýatlarynda sil apaty başdan geçirildi. Sil apatlarynda 7 adam ýogaldy, 9 adam ýaralandy" diýip habar berdi. 

Müjteba Halidi Hürmüzgan welaýatynyň Rudan etrabynda bolsa 2 adamyň dereksiz ýitendigini aýan etdi. 

Eýranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň metbugat geňeşçisi Müjteba Halidi, düýn beren beýanatynda sil apatynda 3 adamyň ýogalandygyny, 3 adamyň bolsa ýaralanandygyny beýan edipdi. 


Etiketkalar: #sil apaty , #Eýran

Degişli Habarlar