Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli häzirki wagta çenli 11 müňden gowrak adam ýogaldy, wirus ýolugan adamlaryň sany bolsa 270 müňe ýetdi

1382247
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasynyň Ýewropada iň köp zyýan ýetiren ýeri bolan Italiýada, ýogalan adamlaryň sany ýene-de 627 adam artyp, 4 müň 32-ä ýetdi.  

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlarda, hökümetiň halka köçä çykmagyny has hem çäklendirmek üçin täze öňüni alyş çäreleri girizip biljekdigi bellenýär. Halkyň köçelere çykmagyny has hem çäklendirmek üçin esgerleriň şäheriň merkezlerinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär. 

Ispaniýada bolsa soňky 24 sagatda koronawirus sebäpli ýene-e 235 adam ýogaldy. Ispaniýada şeýlelik bilen koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1002-ä, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 19 müň 980-e ýetdi. 

Fransiýanyň Nissa şäherinde düýn agşam ýerli wagt bilen sagat 20:00-da köçä çykmak gadagan edildi. 

Wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň 2 müň 257-ä ýeten Belgiýada, halkyň köçä çykyşyna gözegçilik etmek üçin 10 müň polisiýa işgärini belledi. 

Awstriýadaky Halk partiýasyna agza deputatlaryň birinde Kovid-19 bardygy anyklanmagyndan soň, wirus ýurdyň parlamentine hem syçyrady. Ýurtda köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi 13-nji aprele çenli uzaldyldy, ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sany 2 müň 388-e ýetdi. 

ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen, Kovid-19 testiniň otrisatel çykandygyny habar berdi. 

184 adam ýogalan Britaniýada, koronawirusa garşy görülýän çäreleriň çäginde düýn agşamdan başlap ýurtdaky restoranlar, barlar, kafeler, kinoteatrlar we teatrlar ýaly ýerleriň ýapylmagy barada karara gelindi. 

Kovid-19 sebäpli 51 adam ýogalan Şweýsariýanyň Federal geňeşi, epidemiýanyň zyýan ýetiren kärhanalara we adamlara goldaw bermek üçin 32 millard Şweýsar frank ýardam meýilnamasyny aýan etdi. Ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 4 müň 480-e ýetdi. 

Kovid-19 epidemiýasy sebäpli 210 adamy ýogalan we 14 müň 322 adama wirus ýokan ABŞ-de bolsa, Nýu-Ýork şäherinde dermanhanalar we marketlerden daşary ähli ýerleriň ýapylmagy barada buýruk berildi. 



Degişli Habarlar