Italiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 405 adama ýetdi

Italiýa adam pidalary taýdan 1-nji orny eýeleýär

1381729
Italiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 3 müň 405 adama ýetdi

 

Täze koronawirus Kowid-19 dünýä howp salmaga dowam edýär.

Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Italiýada 13-i lukman  jemi 3 müň 405 adama ýetdi. Italiýa adam pidalary taýdan 1-nji orny eýeleýär.

Ýurtda ilkinji gezek 21-nwi fewralda hasaba alynan Kowid-19 pandemiýasy sebäpli 33 müň 190 adam hasaba alyndy. Sagalanlaryň sany bolsa biri bäbejik 4440 adama ýetdi.

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bolsa wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1 günde 30 göterim artyp 767 adama ýetendigini mälim etdi. 17 müň 147 adam hem hasaba alyndy.

Fransiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 108 adama, hasaba alynanlaryň sany 10 müň 995 adama ýetdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Markon, halkdan zerur bolmadykça daşary çykmazlyklaryny isländigini emma halkyň berlen duýduryşlaryny ýerine ýetirmeýändigine garşylyk görkezdi. Makron “Käbir adamlaryň seýilgähe, plýaža we bazara gidýändigini görýäris. Şol adamlar biziň ýüzlenmelerimize düşünmediler” diýdi. Ýurduň halkara derejesinde ýakyndan tanalýan çärelerinden biri bolan Kan kino film festiwalynyň geçiriljek wagtynyň yza süýşürlendigi habar berildi.

Gollandiýda soňky 24 sagatda 18 adam wirus sebäpli ýogaldy. Milli halk saglygy tarapyndan berlen beýanatda, ýogalanlaryň sanynyň 76, hasaba alynanlaryň sanynyň bolsa 2 müň 460 adama ýetendigini bellenildi.

Ýewropa Parlamenti bolsa Kowid-19 meselesinde görlen ýörite çäreleri tassyklamak üçin 26-njy martda adatdan daşary ýagdaýda jemlenşer. Aprel aýynyň 1-2-i aralygynda geçiriljek Baş Assambleýanyň we mart aýynyň 26-27-si aralygynda geçiriljek ÝB-niň Liderler maslahatynyň bolsa yza süýşürlendigi nygtaldy.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg wirus sebäpli ähli harby türgenleşikleriň bes edilendigini ýada yza süýşürlendigini aýtdy.

Stoltenberg “Deňi taýy görülmedik krizisi başdan geçirýäris. Bu krizisiň hem bilelikde hötdesinden geljekdigimize ynanýarys” diýdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 144, hasaba alynanlaryň sany bolsa 3 müň 269 adama ýetdi. Premýer ministr Boris Jonson, halkyň duýduryşlary ýerine ýetirmän halatynda ýagdaýyň has agyrlaşyp biljekdigini belledi.

ABŞ-da Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 154, hasaba alynanlaryň sany 10 müň 755 adama ýetdi. ABŞ-da halka syýahat etmezlikleri we daşary ýurtlardaky raýatlarynyň hem ýurda gelmekleri üçin çagyryş berildi.



Degişli Habarlar