Eýran ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy Ýaponiýadan kömek sorady

Eýranyň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat berdi

1382121
Eýran ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy Ýaponiýadan kömek sorady

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarif, täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi kynlaşdyrýan ABŞ-nyň sanksiýalaryny aýyrmagy üçin Ýaponiýa edýän tagallasyny artdyrmak barada çagyryş berdi. 

Eýranyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanata görä, Muhammed Jewad Zarif, ýapon kärdeşi Motegi Toşimitsu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. 

Zarif telefon söhbetdeşliginde: "ABŞ-nyň sanksiýalary Eýranda koronawirus epidemiýasyny duruzmak üçin gerek bolan lukmançylyk enjamlarynyň we dermanlaryň importyna päsgel berýär. Ýaponiýanyň hökümetini, ABŞ-nyň birtaraplaýyn we bikanun sanksiýalarynyň aýrylmagy ugrunda edýän tagallalaryny çaltlandyrmaga çagyrýarys" diýip belledi. 

Zarif, Ýaponiýanyň wirusa garşy göreş üçin Eýrana berýän goldawyna hoşallyk bildirdi. 

Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Toşimitsu bolsa ýurdunyň epidemiýa garşy göreş alyp barýan Eýrana berýän goldawyny dowam etdirjekdigini belläp: "Ýaponiýa, maliýe taýdan berilýän goldaw bilen birlikde Kovid-19 bilen kesellän adamlar üçin derman ugradar" diýip nygtady. 

Eýranyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary Ali Ryza Reisi, şu gün beren beýanatynda, ýurtda koronawirus sebäpli 1433 adamyň ýogalandygyny, wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň bolsa 19 müň 644-e ýetendigini aýan etdi. 

Reisi häzirki wagta çenli koronawirus sebäpli bejergi alýan 6 müň 745 adamyň saglyk ýagdaýynyň gowulanyp, öýlerine iberilendigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar