ABŞ Eýrana täze sanksiýa goýdy

"Sanksiýalar Eýrana basyş edilmegi maksady bilen goýuldy"

1380869
ABŞ Eýrana täze sanksiýa goýdy

 

ABŞ, Eýrana goýlan sanksiýalaryň çäginde nebit-himiýa senagatynda iş alyp barýan merkezi Eýranda, Gong Kongda we Günorta Amerikada ýerleşýän 9 firma bilen 3 adamy sanksiýa sanawyna aldy.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen ýazmaça beýanatda “Eýranyň  hökümetiniň aksiýalaryna uly mümkinçilik döredýän 9 firma bilen 3 adamy sanksiýa sanawyna alýarys” diýildi.

Sanawa alynan firmalaryň we şahyslaryň, Yrakdaky Taji harby bazasyna guralan raketa hüjümi bilen birlikde Eýranyň terrorçylykly we durnuklylygy bozýan aksiýalaryny guramak üçin mümkinçilik döredendigi nygtaldy

Ady agzalýan sanksiýalaryň Eýrana basyş edilmegi maksady bilen goýlandygy ýatladyldy.

 

 


Etiketkalar: #sanksiýa , #Eýran , #ABŞ

Degişli Habarlar