"Russiýanyň guran şol hüjümleri bilen onlarça türk esgerini öldürendigini pikir edýäris"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Döwlet sekretarlygynda metbugat ýygnagyny geçirdi

1380058
"Russiýanyň guran şol hüjümleri bilen onlarça türk esgerini öldürendigini pikir edýäris"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Siriýanyň Idlib sebiti babatynda Türkiýäniň ýanyndadyklaryny belläp, Asada tabynlykdaky güýçleriň ol ýerde guran howa hüjümleri bilen bagly: "Russiýanyň guran şol hüjümleri bilen onlarça türk esgerini öldürendigini pikir edýäris" diýip nygtady.

Russiýanyň we Eýranyň goldaýan Başar Asada tabynlykdaky güýçleriň Idlibdäki hüjümleri netijesinde 1 milliona golaý adamyň öz öýlerini terk etmäge mejbur bolandygyny aýdan Pompeo, Siriýada syýasy çözgüdiň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi. 

Pompeo, Idlibdäki raýat infrastruktura hem Asada tabynlykdaky güýçler we oňa goldaw berýän tarapdarlarynyň guran hüjümlerinde zyýan ýetendigini belläp: "Russiýanyň guran şol hüjümleri bilen onlarça türk esgerini öldürendigini pikir edýäris. NATO-da hyzmatdaşymyz bolan Türkiýäniň ýanyndadyrys. Türkiýä goşmaça goldaw bermegi pikir etmegi dowam etdireris" diýip habar berdi. 


Etiketkalar: #esger , #türk , #Idlib , #Maýk Pompeo

Degişli Habarlar