Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Koronawirusy Pandemiýa Yglan Etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, täze görnüş koronawirusy pandemiýa (global epidemiýa) hökmünde häsýetlendirdi

1376709
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Koronawirusy Pandemiýa Yglan Etdi

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Adhanom Ghebreýesus, guramanyň Ženewadaky merkezinde eden çykyşynda, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) bilen bagly beýanat berdi.

Iki hepdäniň dowamynda, Hytaýdan daşary Kovid-19 bilen kesellän adamlaryň sanynyň 13 esse, täsir ýetiren ýurtlaryň sanynyň bolsa 3 esse artandygyny aýdan Tedros Adhanom Ghebreýesus, Kovid-19 üçin dünýä täsir ýetiren epidemiýa manysyny berýän pandemiýa kararynyň kabul edilendigini aýan etdi.

Tedros Adhanom Ghebreýesus, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň epidemiýany 24 sagadyň dowamynda ele alandyklaryny, maslahatlaşandyklaryny we wirusa garşy ýeterlik derejede çäre görülmändigini belläp: “Şol sebäpli Kovid-19-y bir pandemiýa hökmünde häsýetlendirip bolar” diýip nygtady.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy Hytaýda ýüze çykan täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy bilen baglanşykly 30-njy ýanwarda halkara derejede “Adatdan daşary ýagdaý” diýip yglan etdi.

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, soňky gezek bolsa 2009-njy ýylda H1N1 wirusyny pandemiýa diýip yglan edipdi.  



Degişli Habarlar