Donald Tramp saýlawçylar bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, dünýäniň dört künjegindäki esgerlerini yza getirmek isleýändigini, onuň hatarynda Siriýanyň we Owganystanyň hem bardygyny aýan etdi

1373259
Donald Tramp saýlawçylar bilen duşuşdy

Donald Tramp, Fox telewideniýe kanalynyň Pensilwaniýa ştatynda geçiren göni ýaýlymynda saýlawçylar bilen duşuşyk geçirip, olaryň soraglaryna jogap berdi.

ABŞ-de täsirli bolan täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasynyň üstünde durup geçen Tramp, bu meseläniň üstünde gowy işleýändiklerini we her kimiň asuda bolmalydygyny beýan etdi.

Taliban bilen gazanylan parahatçylyk ylalaşygyna garamazdan sebitdäki hüjümleriň entegem dowam edýändigini aýdan Tramp, eýýäm 20 ýyl bäri sebitdediklerini we mundan beýläk söweş islemeýändiklerini habar berdi.

Tramp, Siriýa ýa-da Owganystana has köp esger ugratmagyň peýdasynyň ýokdugyny we esgerlerini yza çekmek barada karara gelmeginden soň ýurdyň ozalky Goranmak ministri Jeýms Mattis bilen düşünişmezçilige girendiklerini mälim etdi.

Siriýadaky DAIŞ-iň barlygyny doly ýagdaýda ýok edendiklerini aýdan Tramp, Siriýada nebiti goramak üçin ol ýerde harby topar goýandyklaryny aýan etdi.



Degişli Habarlar