Eýranda koronawirus sebäpli 23 welaýatda juma namazy okalmaz

Eýranda paýtagt Tähran bilen bilelikde koronawirusyň ýüze çykan 23 welaýatynda juma namazynyň okalmajakdygy habar berildi

1368120
Eýranda koronawirus sebäpli 23 welaýatda juma namazy okalmaz

Täze koronawirus (Kowid-19) Sahara Afrikasynda ilkinji gezek Nigeriýada ýüze çykdy

Nigeriýanyň Saglygy goraýyş ministri Dr.Osagie Ehanire ilkinji koronawirus wakasyna 25-nji fewralda Italiýanyň Milan şäherinden Lagosa giden italian raýatynda görülendigini aýtdy.

Ehanire italian raýatynyň Lagosdaky Ýokanç keselller hassahanasynda karantine alynandygyny beýan etdi.

Kowid-19 Afrika materiginde ilki Alžirde soň bolsa Müsürde ýüze çykypdy.

Beýleki tarapdan Mongoliýanyň döwlet Ýolbaşçysy Battulga Hytaýa saparyndan soň koronawirus sebäpli karantine alyndy.

Eýranda bolsa ýene-de 4 halk deputatynda Kowid-19-yň ýokaşandygy kesgitlendi.

2 halk deputatynyň koronawirusa ýolukmagyndan soň Mejlisdäki 30 halk deputaty wirus testinden geçirildi we şolardan 4 sanysynyň testi pozitiw çykdy.

Eýranyň Juma ymamlarynyň syýasat kesgitleýiş geňeşinden berilen beýannama görä juma namazynyň okalmajak welaýatlary şulardan ybarat:

Tähran, Gum, Gilan, Rezewi Horosany, Gündogar Azerbaýjan, Günbatar Azerbaýjan, Hemedan, Yspyhan, Mazenderan, Erdebil, Elburz, Huzistan, Simnan, Sistan-Bulujystan, Fars, Kazwin, Kürdistan, Kirmanşah, Kohgiluýe-Buýer Ahmed, Gülüstan, Loristan, Hurmuzgan we Ýezd.

Eýranda 31 welaýat bar.

Eýranyň Saglygy goraýyş ministrliginiň jemgyýetçilik gatnaşyklardan jogapkär ýolbaşçysy Kiýanus Jihanpur ýurtda Kowid-19 sebäpli çekilen adam pidasynyň 26-a, wirusa ýolugalaryň bolsa 245 adama ýetendigini beýan edipdi.

Hytaýdan soň koronawirusa ýoluganlaryň sany taýdan başda durýan ýurtlardan biri bolan Günorta Koreýada epidemiýa giňden ýaýraýar.

Ýenede 256 adama koronavirusyň ýolukmagy bilen ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 2 müň 22 adama ýetdi.

Ýurtda 13 adam virus sebäpli ýogaldy.

Indoneziýada hem Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherindäki ilçihanasynyň Kovid-19 sebäpli vagtlaýynça ýapylandygyny habar berdi.

Ýaponiýanyň Premýer ministri Şinzo Abe koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli başlangyç we orta mekdepler bilen liseýlerde duşenbe gününden başlap okuwyň 1 aý möhlet bilen ýatyrylmagyny islejekdigini aýtdy.

Ýurtda epidemiýa sebäpli 18 adam ýogalypdy.

Koronawirus epidemiýasyna ýoluganlaryň sany Yrakda 7 adama, Liwanda bolsa 3 adama ýetdi.



Degişli Habarlar