Ysraýylyň polisiýa işgärleri bir palestinalyny şehit etdiler

Ysraýylyň Polisiýa gullugynyň işgärleri, gabaw astyndaky Gündogar Iýerusalimde pyçakly hüjüm gurandygyny öňe sürüp bir palestinaly şehit etdi

1364395
Ysraýylyň polisiýa işgärleri bir palestinalyny şehit etdiler

Ysraýylyň Döwlet ýaýlym guramasy KAN-yň berýän habarynda, şehit edilen palestinalynyň Gündogar Iýerusalimiň Köne şäher sebitiniň Al-Esbat gapysynyň golaýyndaky polisiýa işgärlerine pyçakly hüjüm gurandygy öňe sürüldi.

Habarda, polisiýanyň od açmagy netijesinde 1 palestinalynyň ýogalandygy, 1 zenanyň bolsa ýaralanandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #şehit , #palestinaly , #Ysraýyl

Degişli Habarlar