"Taliban bilen parahatçylyk etabynyň oňyn netijelenmegi üçin birlikde işleşilmeli"

Taliban bilen owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin taýarlyklar dowam edilýär

1360905
"Taliban bilen parahatçylyk etabynyň oňyn netijelenmegi üçin birlikde işleşilmeli"

ABŞ-nyň Owganystan boýunja ýörite wekili Zalmaý Halilzat, Taliban bilen parahatçylyk etabynyň oňyn netijelenmegi üçin birlikde işleşilmelidigini aýtdy.

Halilzad mesele hakynda beren beýanatynda “Owganystanda 40 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän içerki urşuň bes edilmegi we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin uly pursat döredildi. Bu pursatdan ýerlikli peýdananylmaly. Talyban bilen parahatçylyk etabynyň oňyn netijelenmegi üçin birlikde işleşilmeli” diýdi.

Halilzat, Taliban bilen owgan hökümetiniň arasynda parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin taýarlyklaryň dowam edilýändigine ünsi çekdi.

Owganystanyň Prezidenti Eşref Ganiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet üçin howply bolan Taliban, ýurduň çar tarapynda täsirini dowam etdirýär.

Owgan hökümetiniň Taliban bilen parahatçylyk gepleşiklerini geçirmegi üçin uly tagalla edilýär.

 



Degişli Habarlar