Gresiýanyň Prezidentiniň, “Musulman grek azlygy” sözüne berk garşylyk görkezildi

"Grek döwleti Günbatar Frakiýa türk jemgyýeti bilen arabaglanşykly taryhy hakykatlary üýtgedip bilmez"

1361317
Gresiýanyň Prezidentiniň,  “Musulman grek azlygy” sözüne berk garşylyk görkezildi

Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopulosyň, Günbatar Frakiýa guran saparynyň çäginde musulman türk azlyklary hakynda aýdan “Musulman grek azlygy” sözüne berk garşylyk görkezildi.

Gümüljinedäki we Iskeçedäki azlyk jemgyýetleri tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda, grek döwletiniň, türk azlygynyň milli hukuklaryna garşy syýasat alyp barýandygyna, şol syýasatyň bolsa Gresiýada demokratik kämilligiň ýokdygyny görkezýändigine üns çekildi.

Beýanatda, grek döwletiniň Günbatar Frakiýa türk jemgyýeti bilen arabaglanşykly taryhy hakykatlary üýtgedip biljekdigi nygtaldy.

14-nji martda iş möhledi tamamlanýan Prezident Pawlopulos, şenbe güni Günbatar Frakiýa guran saparynyň çäginde eden çykyşynda, Günbatar Frakiýa türk azlygynyň diňe dini azlykdygyny, Stambuldaky prowaslaw grek azlygynyň bolsa milli azlykdygyny öňe sürdi.

Prezident Pawlopulos çykyşynda Stambuldaky grek azlyklary barada “grek azlygy” diýýärkä, Gresiýadaky türk azlygy barada bolsa “Grek musulman azlygy” diýipdi.

Ýewropa Adam hukuklary kazyýetiniň kararlaryna garamazdan Gresiýa “Türk” ady bilen jemgyýetiň gurulmagyna ýada öz işini dowam etdirmegine rugsat bermeýär.

 

 



Degişli Habarlar