"Türkiýe bilen Idlibde başdan geçirilýän wakalar hakynda ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys"

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi

1359689
"Türkiýe bilen Idlibde başdan geçirilýän wakalar hakynda ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys"

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, Türkiýe bilen Siriýanyň Idlib welaýatynda başdan geçirilýän wakalar hakynda ýakyndan aragatnaşyk saklaýandyklaryny aýtdy.

Peskow paýtagt Moskwada beren beýanatynda, Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda maglumat berdi.

Idlibde dartgynlygyň artýandygyna ünsi çeken Peskow, “Russiýa bilen Türkiýe, İdlibdäki wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar. Liderlerimiz telefon arkaly Idlib meselesi ara alyp maslahatlaşdy. Harby ýolbaşçylarymyz we hünärmen toparlarymyz hem gepleşikler geçirdi” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda hem, ministr Sergeý Lawrow bilen türk kärdeşi Mewlüt Çawuşoglunyň 16-njy fewralda Germaniýada geçiriljek Mýunhen howpsyzlyk konferensiýasynyň çäginde mesele hakynda pikir alyşjakdygy ýatladyldy.



Degişli Habarlar