Britaniýanyň maliýe ministri wezipesinden çekildi

Britaniýanyň Maliýe ministri Sajid Jawid wezipesinden çekildi

1359027
Britaniýanyň maliýe ministri wezipesinden çekildi

Ýerli metbugatda çykan habarlara görä: Premýer ministri Boris Jonson şu gün ministrler kabinetinde eden çalşygynyň çäginde Jawide wezipesini dowam etdirmegi, emma geňeşçilerini işden çykarmagyny teklip etdi. Emma teklibi kabul etmedik Jawid wezipesinden çekilmek hakynda karara geldi.

Awgust aýynda hökümetiň ylalaşyksyz Breksitiň täsirleri baradaky habarnamasyny metbugata ýetirendigi sebäpli Jawidiň geňeşçilerinden biri özünden habarsyz işden çykarylypdy.

Asly Pakistanly bolan Jawid Teresa Meýiň kabinetinde-de içeri işler ministri bolup işläpdi.

Jonson ministrler kabinetiniň Jawidden daşgary 8 agzasyny wezipeden boşatdy.



Degişli Habarlar